1 Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersi Mugallymy: Gurbanow Ýazgeldi Ähli hünärleriň I ýyl talyplary üçin 1-nji tema GIRIŞ. EHM-iň GYSGAÇA TARYHY we GURLUŞY. Umumy okuwyň meýilnamasy: 1. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň bilim özgertmleriniň täze gadamlary. 2. EHM-iň gysgaça taryhy. 3. EHM-iň gurluşy. ULANYLAN EDEBIÝATLAR: 1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 3-nji tom. Aşgabat, 2010. 2. http://www.turkmenistan.gov.tm 3. Ç. Aşyralyýew , Kompýuter tehnologiýasy, Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. Aşgabat , TDKP neşirýaty, 2007. 4. https://en.wikipedia.org/wiki/History_of_computer_science 5. http://gollanma.com/kompyuter.html Sapagyň maksady: Talyplara Garaşsyzlygyň manysyny, ähmiýetini düşündirmek, olaryň bilim almaga höwesini, Watanymyza, Hormatly Prezidentimize buýsanjyny, halkymyza söýgüsini artdyrmak. Hormatly Prezidetimiziň alyp barýan bilim syýasatynda EHM- niň ornuny, hasaplaýyş tehnikasynyň taryhyny we gurluşyny öwretmek. 1. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň bilim özgertmleriniň täze gadamlary. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky gol çekilen kararlardyr permanlar, görkezmeler, çykyşlar, maslahatlar, esasan, şu aşakdaky ugurlary öz içine alýar: 1. Döwrebap abzallaşdyrylan täze okuw binalaryny, çagalar baglaryny gurmak ýa-da abatlamak. 2. Okuw mekdeplerini taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek.
This document is posted to help you gain knowledge. Please leave a comment to let me know what you think about it! Share it to your friends and learn new things together.
Transcript
1
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersi
Mugallymy: Gurbanow Ýazgeldi
Ähli hünärleriň I ýyl talyplary üçin
1-nji tema
GIRIŞ. EHM-iň GYSGAÇA TARYHY we GURLUŞY.
Umumy okuwyň meýilnamasy:
1. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň bilim
özgertmleriniň täze gadamlary.
2. EHM-iň gysgaça taryhy.
3. EHM-iň gurluşy.
ULANYLAN EDEBIÝATLAR:
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan
eserler. 3-nji tom. Aşgabat, 2010.
2. http://www.turkmenistan.gov.tm
3. Ç. Aşyralyýew , Kompýuter tehnologiýasy, Ýokary okuw mekdepleri üçin
SATA, IDE kabeller arkaly enelik plata birikdirilýär.
Gaty diskiň esasy – aýlanýan osda ýerleşdirilen diskdir. Bu iki gapdaly magnit bilen örtülen
keramikadan, alýuminden, aýnadan, plastikadan bolan plastinkadyr. Diskiň aýlanyş tizligi 3600,
7200, 10000 (RPM-round per minut) aýlaw/min. Okaýjy - ýazyjy golowkalar ýörite ylalaşykly
tipli pozisiýada ýerleşdirilýär. Diskiň üst gatlagyndan takmynan 0,13 mkm yş (zazor) bilen
golowka işleýär. Diskiň aýlanmagy netijesinde döreýän howa ýassygy esasynda zazor saklanýar.
Elektron plata diskiň işleýiş funksiýasyny üpjin edýär. Ol barlaýjynyň komandasyny gaýtadan
4 ОЗУ - Операти́вная па́мять (англ. Random Access Memory, RAM, память с произвольным доступом; ОЗУ
(оперативное запоминающее устройство) 5 Накопи́тель на жёстких магни́тных ди́сках или НЖМД (англ. hard (magnetic) disk drive, HDD, HMDD), жёсткий диск, в
компьютерном сленге «винче́стер» — запоминающее устройство (устройство хранения информации) произвольного доступа, основанное на принципе магнитной записи. Является основным накопителем данных в большинстве компьютеров.
12
işleýär, aýlanma tizligi sazlaýar, ýazmak režiminiň signalyny generirleýär, okama režiminiň
signalyny güýçlendirýär we ş. m.
Ähli maglumatlar gaty diskiň içinde ýerleşýär – ýatda saklanýar. Tizligi hem-de
göwrümi (sygymy) bilen tapawutlanýarlar. Tizligi näçe ýokary boldugyça, çalt işlär, sygymy
näçe uly boldugyça köp maglumat ýygnap-sygdyryp bolar. Häzirki döwürde 500 GB, 1-2 TB-
lyk gaty diskler ulanylýar. Onuň göwrümini bilmek üçin Компьютер bukjasyna girip diskleriň
aýratynlyklaryna (свойства) seretmelidir.
Ulgamlaýyn bina (Case6) - Ulgamlaýyn bina özünde enelik platany,
mikroprosessory, operatiw huşy, elektron shemalary, çee we
gaty magnit diskler görnüşindäki toplaýjylary, tok geçirijileri
saklaýar. Umuman kompýuteriň hemme böleklerini öz içinde
saklaýar. Syçan, klawiatura we monitor bolsa oňa arka
tarapyndan birikdirilýär. Ulgamlaýyn bina we monitor tok
çeşmesine (220W) birikdirilýär.
4. Diskler.
Operatiw huş (iňl. RAM, Random-access memory) - bu kompýuteriň işläp durýan
wagtynda maglumatlary maşynyň huşunda saklamak üçin ulanylýan gurluşdyr. Ol
energiýagaraşly bolanlygy sebäpli, kompýuter öçürilenden soň, operatiw huşdaky maglumatlar
ýitýär. Häzirki öndürilýän şahsy kompýuterlerde 1 GB, 2 GB, 4GB, 8 GB we ondanam köp
möçberli operatiw huş bolýar.
Diskler - maglumatlary hemişelik saklamak üçin niýetlenendir. Şahsy kompýuterde
diskleriň aşakdaky görnüşleri ulanylýar.
gaty disk (winçester),
çeýe diskler,
kompakt diskler,
fleş diskler.
Gaty diskler - operasion ulgamdaky häli şindi ulanylýan maksatnamalary we ulanyjynyň
maglumatlaryny hemişelik saklamak üçin ulanylýar. Gaty diskleriň (winçester) ýadynyň sygymy
256 megabaýtdan başlap ýüzlerçe gegebaýta çenli bolup bilýär. Häzirki wagtda göwrümi esasan
5000 GB, 1 TB gaty diskler ulanylýar. Häzirki wagtda daşyndan birikdirilýän gaty diskler hem
maglumatlary gorap saklamak üçin ulanylýar.
6 Систе́мный блок (англ. computer case, сленг. системник) — физически представляет собой шасси, которое
наполнено аппаратным обеспечением для создания компьютера.
512 GB
13
Disketalar, kompakt we fleş diskler kompýuterleriň arasynda maksatnamalary we
maglumatlary alyş çalyş etmek üçin ulanylýarlar.
Disketalaryň sygymy 3 megabaýta çenli bolup, köplenç 1,44 mbaýt uçin formatirlenilýär.
Olaryň göwrüminiň kiçiligi sebäpli ýuwaş ýuwaşdan ulanyşdan aýrylýar.
Kompakt diskler köp maglumady içinde saklap bilýärler we olaryň göwrümi 650
megabaýtdan hem köp bolup biler. Diskler CD-R (bir gezek ýazylýan), CD-RW (köp gezek
ýazylýan), we DVD-R (bir gezek ýazylýan), DVD-RW (köp gezek ýazylýan) görnüşli bolup
bilýär. Ýöriteleşdirilen diskleri herekete geçiriji gurluşlaryň kömegi bilen bu disklere
maglumatlary ýazyp bolýar.
Kompakt-disk (iňl. Compact Disc, gysgaça CD). Maglumatlar diskiň ýüzüne ikilik
ulgamyna geçirilip ýazylýar.
DVD7 diski (iňl. Digital Versatile Disc – hemmetaraplaýyn sanlaýyn disk, gysgaça DVD).
DVD diskler 1997-nji ýylda goýberilip başlandy. Bu diskleriň täze nesliniň görnüşidir. Ony doly
metražly filmleri ýa-da ýokary hilli aýdym ýazgylaryny, kompýuter programmalaryny, suratlary
we başga maglumatlary ýazmak üçin ulanyp bolýar. Sygymlylygy bilen tapawutlanýan DVD
diskleriň birnäçe görnüşler bar: bir taraply we iki taraply, bir gatly we iki gatly. Bir taraply DVD
diskleriň bir gatlysyna 4,7 gigabaýta çenli, iki gatlysyna bolsa 8,5 gigabaýta çenli maglumat
ýerleşdirip bolýar. Iki taraply DVD diskleriň bir gatlysyna 9,4 gigabaýta çenli, iki gatlysyna bolsa
17 gigabaýta çenli maglumat sygýar.
DVD diskler CD8 (700 MB) disklere garanyňda has kämilleşdirilen bolup, olar CD diskler
bilen deňeşdirilende maglumatyň uly göwrümini saklamaga mümkinçilik berýär.
Blu-Ray (blu-reý) diskler (19-fewral, 2002) HD (high definition) ýokary hilli wideolary
ýazmak üçin ulanylýar, olaryň bir taraplysy (Однослойный) 25 GB, iki taraplysy (dual layer-
двухслойный) 50 GB, üç gatlysy (triple layer-трехслойный) 100 GB, dört gatlysy (quadruple
layers-четырехслойный) bolsa 128 GB möçberindedir. Adynyň blu-ray bolmagynyň sebäbi
bolsa häzirki diskleri ýazmak üçin gyzyl lazer şöhlesi ulanylýan bolsa, bu täze tehnologiýada gök
lazer şöhlesi ulanylýar.
Häzirki wagtda USB porta çatylýan flesh diskler hem giňden ulanylýar. Fleş diskler köp
maglumatlary öz içinde saklap bilýärler.
Häzirki zaman şahsy kompýutere ýokardaky agzalan enjamlardan başga-da birnäçe
goşmaça enjamlar birikdirilýär. Olara mysal edip modemleri, faksmodemleri, skaneri,
joýstikleri, mikro sd kartlary we ş.m. görkezmek bolar.
Tok çeşmesi (Power supply – Блок питание) – Kompýuteri elektrik togy bilen
üpjün edýän gurluşyň adydyr.
7 DVD (ди-ви-ди́, англ. Digital Versatile Disc — цифровой многоцелевой диск; также англ. Digital Video Disc —
цифровой видеодиск) — носитель информации, выполненный в форме диска, имеющего такой же размер, как и компакт-диск, но более плотную структуру рабочей поверхности, что позволяет хранить и считывать больший объём информации за счёт использования лазера с меньшей длиной волны и линзы с большей числовой апертурой.
8 Компакт-диск (англ. Compact Disc, CD) — оптический носитель информации в виде пластикового диска с отверстием в центре, процесс записи и считывания информации которого осуществляется при помощи лазера.
14
Disk ýazyjy we okaýjy gurluş (DVD-RW, DVD-ROM) – adyndan hem belli
bolşy ýaly diskleri okamak we olara ýazmak üçin ulanylýan gurluşdyr.
5. Kompýuteri işe girizmek.
Kompýuteri işe girizmek üçin ulgamlaýyn binany hem-de monitori tok
çeşmesine (220W) birikdirilýär we iýmit (Power) düwmesine basylýar.
6. Klawiaturany we syçany ulanmak.
Kompýuteri işe girizenimizden soň buýruklary syçan hem-de klawiatura arkaly
berýäris. Şonuň üçin hem ilki olary gowy öwrenmegimiz gereklidir.
Adaty klawiaturada 102-103 töweregi düwme (klawişa) ýerleşýär.
Klawiatura 6 bölege bölünilip öwrenilýar:
1. Dolanyryjy düwmeler (Клавиши управления): Bu topara CTRL, ALT,
Win (клавиша с эмблемой Windows) we ESC klawişalary degişlidir.
2. Funksiýa klawişalary (Функциональные клавиши): Bu topara F1, F2, F3...
F12 klawişalary degişlidir
3. Geçirmek-geçiriji düwmeler (Клавиши перемещения): Bu topara HOME,
END, PAGE UP, PAGE DOWN, DELETE we INSERT klawişalary
degişlidir.
4. Ýazmak üçin klawişalar (Клавиши набора (алфавитно-цифровые): Bu
topara ýazmak üçin niýetlenen ähli klawişalar degişlidir. Harplar, sanlar,
belgiler.
5. Sanly klawiatura (Цифровая клавиатура): Bu topara sag tarapda
ýerleşýän sanly klawişalar degişlidir. Kalkulýator we beýleki hasaplaýjy
programmalar üçin örän oňaýlydyr.
15
6. Çyrajyklar (Индикаторы): Ýokarda sag burçda ýerleşýän çyralar sanlary
hem-de baş harplar bilen ýazjakdygymyz bize duýdurýarlar.
Soraglar we ýumuşlar:
1. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň bilim
özgertmleriniň täze gadamlary barada gürrüň beriň.